icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 noýabr 2017

928

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň iňlis dilindäki neşiriniň Nýu-Deli şäherinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň dowamy bolan Türkmenistanyň häzirki zaman ulag-üstaşyr ýollarynyň ornuna bagyşlanan adybir seminar geçirildi.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna we seminara paýtagtda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň alymlary we mugallymlary, şol sanda «Nusgawy Türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy» atly ýubileý medalynyň eýeleri, professor Mansura Haýdar we professor Nirmala Joşi, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Nýu-Deli şäherinde bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasy we seminar “Ýüpek ýoluny öwreniş meýilnamasynyň” prezidenti professor Manu Mittal tarapyndan alnyp baryldy. Ol öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyzyň kitaby ýurtlaryň we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak pikirini özünde jemleýändigini we onlarça döwletleri söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly türkmen halkynyň taryhy we ruhy mirasy hökmünde bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi P.Durdyýew öz çykyşynda, Beýik Ýüpek ýoly iki sany beýik siwilizasiýanyň – Günbataryň we Gündogaryň arasyndaky gepleşiklerde esasy wezipäni ýerine ýetirendigini we kerwen ýollaryň üsti bilen diňe bir haryt däl, eýsem sowatlylygy, medeni, ruhy gymmatlyklary, açyşlar we hünär alyş - çalyş edilendigini beýan etmek bilen dörän ykdysady diplomatiýa özara düşünişmegi we öňegidişligi gazanmagyň möhüm guraly bolup durandygyny beýan etdi.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet Baştutanymyzyň täze eseri halkymyzyň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, onuň milli medeniýetiniň özboluşlylygy, däp-dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga, gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler.

Seminaryň dowamynda professorlar Manu Mittal we Mona Agnihotri Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna we Ilçihana tarapyndan geçirilen halkara ylmy konferensiýasynyň we medeni çäräniň jemleriniň netijeleri hökmünde “Türkmenistan we Hindistan – Ýüpek ýol sebitinde parahatçylyk we ösüş hatyrasyna hyzmatdaşlyk” (“India and Turkmenistan – Cooperation for Peace and Development in the Silk Road Region”) atly kitap gönüşinde çap eden eserini hindi we halkara jemgyýetçiligine dabaraly ýagdaýda hödürlediler.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň iňlis dilindäki neşiri gowşuryldy we Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň aýdyň pursatlary wideo şekil arkaly görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi