icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 dekabr 2017

880

Türkmenistanyň wekiliýeti “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” çäklerindäki VII maslahata gatnaşdy

2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Bakuda “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” çäklerinde ministrler derejesindäki VII maslahat “Aziýanyň ýüregi güýçli sebitiň hatyrasyna howpsuzlyk we ygrarlylyk” diýen temada öz işine başlady. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy.

Maslahatyň işine “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” agzasy hasaplanylýan döwletleriň we guramalaryň wekilleri- Owganystanyň Prezidenti we Daşary işler ministri, Türkiýäniň, Pakistanyň, Eýranyň Daşary işler ministrleri, Hindistanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri, Gyrgyzstanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarlary, Russiýanyň we Hytaýyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýetleri, şeýle hem BMG-niň Baş Sekretarynyň Owganystan we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem maslahata Stambul prosesini goldaýan ýurtlaryň - Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň, Norwegiýanyň, Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Polşanyň, Müsüriň, Şwesiýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak, neşe serişdelerine, terrorçylyga we ekstremizme garşy tagallalary birleşdirmek, ýurduň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşi üçin zerur şertleri döretmek boýunça Türkmenistanyň döwlet syýasaty we daşary syýasat başlangyçlary hakynda gatnaşyjylara habar berdi.

Maslahatyň işiniň jemleri boýunça Baku Jarnamasy kabul edildi. Jarnamada sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we gülläp ösüşi üpjün etmek üçin “Aziýanyň ýüregi” prosesine gatnaşýan ýurtlaryň arasynda syýasy dialogy we geňeşmeleri işjeňleşdirmegiň zerurlygy ýene bir gezek tassyklanylýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi