icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

07 noýabr 2025

1010

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu başlangyjy makullap, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara bu işleri guramak barada görkezmeleri berdi.

Kabul edilen çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri esasynda guraldy.

Ynsanperwer maksatly çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ejir çeken ilata, aýratyn-da, çagalara goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralandyrylmagyna ygrarlydygynyň hem güwäsidir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi