icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

12 dekabr 2025

546

Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany mähirli garşylady.

Belent mertebeli eýranly myhmana ter gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.

Soňra howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda gysgaça ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Aşgabada gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş, dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli guraldygyny subut etdi. BMG onuň tutuş sebit üçin ähmiýetini ykrar etmek bilen, bu hukuk ýagdaýyny birnäçe gezek tassyklady.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde-de özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi