

2025-nji ýylyň 11-nji dekbrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany belent mertebeli myhmany paýtagtymyz Aşgabatda mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Türkmenistana sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň Prezident Abdul Latif Raşidiň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygyny, dünýäde parahatçylygyň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýändigini görkezýändigini nygtady.
Dostlukly ýurduň Lideri hoşniýetli sözler üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini belledi hem-de dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi. Şeýle-de ol Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowy, ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz halkara forumyň ählumumy parahatçylygy berkitmekde, halklaryň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda, häzirki döwrüň meseleleriniň bilelikdäki çözgüdini işläp taýýarlamakda wajyp esas boljakdygyna, Prezident Abdul Latif Raşidiň ýurdumyza şu saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky dostluga, birek-birege hormat goýmaga, özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn derejede hem-de abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň ony mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.