

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, oňa ýurdumyzda halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.
Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisi bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris. Türkmenistan anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermek bilen, bu gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli amatly şertleriň bardygyny belläp, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.