

2025-nji 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşdy.
Fukuşiro Nukaga belent mertebeli myhman bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde şu gezekki duşuşygyň ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-ýapon parlamentara hyzmatdaşlygy durnukly, yzygiderli häsiýete eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda dostluk toparlary hereket edýär. Bu toparlar kanun çykaryjylyk işinde we ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ýola goýmak, pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň häzirki döwürde barha artýan ähmiýetini nazara almak bilen, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna üns çekildi.
Fukuşiro Nukaga Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.