icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 dekabr 2017

972

Türkmenistanyň DIM-nde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Muzaffar Husseinzoda bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary we iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn aragatnaşyklaryny bellediler. Şeýle hem türkmen-täjik döwletara dialogynyň işjeňligi we önjeýliligi iki dostlukly ýurduň baştutanlarynyň ägirt uly ünsi bilen şertlendirilendir, diýlip bellenildi we iki ýurduň baştutanlarynyň saparlarynyň önjeýli häsiýete eýedigi aýdyldy.

Iki ýurduň arasyndaky dürli pudaklardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny belläp, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin tagallary birleşdirmäge ygrarlylygyny beýan etdiler.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi