icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 dekabr 2017

649

Filippinin Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2017-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Filippinin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) jenap Wilfredo Santos bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň başynda Filippinin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belläp, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek işinde oňa ählitaraplaýyn ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşigiň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy, oba hojalyk we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdylanda taraplar dürli ugurlarda ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp geçdiler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we maýa goýum ulgamynda gatnaşyklary ösdürmekde kuwwatyň bardygyny belläp, taraplar geljekde olary ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri orta atdylar.  

Taraplar hyzmatdaşlygyň medeni düzüjisini çuňlaşdyrmakda bilelikdäki çareleriň geçirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Iki döwletiň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny belläp, Ilçi öz döwletiniň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde geljekde iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy we özaragatnaşyklary ösdürmekde we berkitmekde ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi