Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler

img

18/01/2018

115

2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Hindistana özüniň gysga möhletleýin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Nýu-Delide Hindistanyň Daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşdy.  

Hindistanyň Daşary işler ministrine gysga wagtyň içinde duşuşygy gurnandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, R.Meredow TAPI gaz geçirijisini tejribede durmuşa geçirmekde we iri hususy we döwlet donorlary tarapyndan degişli maliýe çeşmelerini çekmekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan köptaraplaýyn işler barada gürrüň berdi.

Söhbetdeşler ýakyn möhletde TAPI-nyň çäklerinde Ýolbaşçylyk edýän komitetiň ministrleriniň nobatdaky duşuşygyny geçirmegiň möhümdigini aýdyp geçdiler. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy şeýle-hem TAPI-nyň durmuşa geçirilişiniň işjeň döwrüne geçilmegi bilen ýüze çykýan soraglary çözmek maksady bilen hindi tarapyna Nýu-Delide “TAPI Projekt LTD-nyň” wekilhanasyny açmagyň meselelerine seretmegiň zerurdygyny mälim etdi.

Duşuşygyň soňunda Türkmen wekiliýetiniň baştutany Hindistanyň Daşary işler ministri Suşma Swaraja Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowinde ýollan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijileriniň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin çakylyk hatyny gowşurdy. Hindistanyň ministri çakylyk hatyny kabul edip, ony dessine öz eýesine ýetiriljekdigini ynandyrdy.