icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 ýanwar 2018

883

Türkmenistan we Belarus Respiblikasy-25 ýyl dostlukly we özarabähbitli hyzmatdaşlyk

2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp brifing geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, öňdebaryjy türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatlar gatnaşdy.    

Brifingde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow we Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi O.Tabanýuhow çykyş etdiler, şeýle-hem wideorolikler görkezildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly dostluk, birek-birege hormat goýmak we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň 25 ýylyň dowamynda iki döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýat goýuldy. Biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda görkezýän oňyn ösüşiniň esasynda ýokary derejedäki saparlaryň tejribesi we iki döwletiň baştutanlarynyň dostlukly gatnaşyklary ýatyr, diýip, taraplar belläp geçdiler.   

Çäräniň ahyrynda brifinge gatnaşyjylar iki döwletiň arasyndaky geljegi bar bolan syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar barada pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi