icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 aprel 2018

842

Türkmenistan we Koreýa Halk Demokratik Respublikasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Li Ýon Ho bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerip taraplar geljekde olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler. Şu jähtden taraplar özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryny ösdürmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy giňeltmekde özara gyzyklanmanyň bardygyny belläp, taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ornuny belläp geçdiler.   

Halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda sebit we halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurdygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi