icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

15 oktýabr 2016

1713

Türkmenistanyň Mejlisi Pariž Ylalaşygyny tassyklady

2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Howanyň şertleri boýunça maslahatynda (COP-21) makullanan we 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda gol çekilen Pariž Ylalaşygyny tassyklady.

Türkmenistan howa şertleriniň üýtgemeginiň zeperli netijeleriniň öňüni almagyň tarapdary bolup, howa gurşawyna parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen köpsanly çärelerini yzygiderli geçirýär. Olaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça anyk maksatlary, çäreleri we esasy ýörelgeleri özünde jemleýän 2015-nji ýylyň 15-nji iýunynda tassyklanan «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy» munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa çygryndaky köpsanly başlangyçlary ekologiýanyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli ugrularynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň mysal bolmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, BMG-niň Sendaý şäherinde guran «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» babatdaky III Bütindünýä maslahatynda, Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumy ýaly dünýä forumlarynda beýan edildi.

Pariž Ylalaşygyny Türkmenistan tarapyndan tassyklanylmagy ýurduň halkara ekologiýa ylalaşyklaryna ygrarlylygynyň we döwletiň tebigaty goramak boýunça syýasatynyň işjeň dowamy bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi