icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 aprel 2018

729

Türkmenistanyň Ilçihanasy Kiýewde kiçi futbol boýunça talyplaryň arasynda ýaryş geçirdi

2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Kiýew şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okap bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş gurnaldy. Ýygyndy toparlaryň arasynda ýaryşlar Kiýewiň Milli ulag uniwersitetiniň sport meýdançalarynda geçirildi.

Ýaryşa Kiýewiň Milli ulag uniwersitetiniň, Ukrainanyň milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň, M.P.Dragomanow adyndaky milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Taras Şewçenko adyndaky Kiýewiň milli uniwersitetiniň, şeýle-hem Kiýewiň milli lingwistika uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.

Milli ulag uniwersitetiniň kafedra müdiri, gandbol boýunça olimpýia oýunlarynyň çempiony Mariýa Kerkewiçiň, şeýle hem ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçy düzümi we Ilçihananyň işgärleriniň gatnaşmagynda ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhümdigini belläp geçdiler we ýaşlara ähli başlangyçlarynda üstünlik we ähli türkmen halkyna abadançylygy arzuw etdiler.  

Kiýew şäheriniň ýokary okuw jaýlarynyň bäş sany ýygyndy toparlarynyň arasyndaky çekeleşikli ýaryşda, Ukrainanyň milli bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň ýygyndy topary birinji orna, Taras Şewçenko adyndaky Kiýewiň milli uniwersitetiniň ýygyndy topary ikinji orna we M.P.Dragomanow adyndaky milli mugallymçylyk uniwersitetiniň ýygyndy topary üçünji orna mynasyp boldylar.

Ýaryşda birinji orna mynasyp bolan ýeňijilere Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň göçme kubogy, şeýle hem hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Ýaryşda ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan toparlara hem hormat hatlary we sowgatlar gowşurylar. Sylaglanma dabarasyny şu ýylyň 20-nji aprelinde geçirmeklik meýilleşdirilýär, şeýle hem Kiýewiň talyp ýaşlarynyň arasynda şahmat, şaşka, stol tennisi we agram götermek boýunça ýaryşlary geçirmeklik meýilleşdirilýär. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi