icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

19 aprel 2018

3145

Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi

2018-nji ýylyň 18-nji aprelinde Tütkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Rus tarapyna Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  Ýe.S. Iwanow ýolbaşçylyk etdi.   

Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar.

Geňeşmeleriň çarçuwasynda gatnaşyjylar migrasiýa ugrunda halkara gün tertibiniň meselelerine garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary geljekde özaragatnaşyklary giňeltmek we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmelerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi