icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 aprel 2018

784

Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy işleri boýunça maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 19-nji aprelinde Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen derman ösümliklerine we şypahanalaryň tebigy baýlyklaryna bagyşlanan ylmy işleriň netijeleri boýunça maslahat geçirildi.

Geçirilen maslahata Türkmenistandan gelen wekiliýetiň agzalary, Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary şeýle hem Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Maslahaty Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory A.W.Sikorskiý hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory N.Muratnazarowa açdylar. Soňra oňa gatnaşyjylar “Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda gazanan üstünlikleri”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri - tebigy melhemler”, “Belarus Respublikasynda dermanlyk ösümlikleriň öwrenilşiniň esasy ugurlary” atly dürli temalarda çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda, çärä gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, maslahatyň çäginde guralan sergi bilen tanyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi