icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 aprel 2018

746

Yslamabatda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy tarapyndan sport çäreleri geçirildi

2018-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanda her ýylyň 5-nji apreli we 5-nji maýy aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn-durmuş medeni çäreleriň biraýlygyna bagyşlap Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň paýtagtynda ýerleşýän köpmaksatly sport toplumynda sportuň futbol, basketbol, woleýbol, tennis, badminton we beýleki görnüşleri boýunça çäreleri geçirdi.

Bu ýaryşlara Pakistanda akkreditirlenen daşary ýurt Ilçileri, diplomatlary we olaryň maşgalalary, şeýle-de halkara guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportyň ähli görnüşlerini ösdürmek boýunça alyp barýan atalyk aladalarynyň netijesinde gazanylan üstünlikleriň ýene-de biri hökmünde, ýagny golaýda Türkmenistanyň teklibi esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilendigi barada habar berildi.

Soňra çäräniň meýilnamasyna laýyklykda göz öňünde tutulan futbol, basketbol, woleýbol, tennis, badminton we beýleki ýaryşlara badalga berildi. Ýaryşlar çekeleşikli ýagdaýda geçip gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Oýunlaryň netijesinde ýeňiji toparlara kuboklar we medallar, şeýle hem Ilçihananyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çäreleriň ahyrynda gelen myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi