Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministliginde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) jenap Ngo Dyk Man bilen duşuşyk boldy.

Gepleşikleriň barşynda Günorta-Gündogar Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, türkmen tarapy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge maksat edinýändigini bildirdi. Taraplar syýasy ugurda mundan beýläk hem  hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu jähtden taraplar ýokary derejedäki saparlary gurnamagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da parlamentara we partiýalaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenilip geçildi. 

Duşuşyga gatnaşyjylar özara gyzyklanma döredýän ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk hem tagallalary jebisleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn eksport-import kuwwatyny artdyrmak arkaly söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek babatda teklipleri öňe sürdüler. Mundan başga-da, dokma senagatynda we nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy güçlendirmäge gyzyklanma bildirildi.

Şeýle hem iki döwletiň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň çäginde Wýetnamyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä girişmegi bilen gutlap, türkmen tarapy Ilçiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmekde alyp barýan işlerinde ähli ýardamlary we goldawlary berjekdigini beýan etdi.