icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 aprel 2018

758

Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň arasynda syýasy geňeşmeler

2018-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Şweýsariýanyň Daşary işler federal departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Şweýsar tarapynyň wekiliýetine Ilçi, DIFD-niň Döwlet sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝHHG boýunça kömekçisi Nikolas Brýül ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda syýasy gatnaşyklary, parlamentara özaragatnaşyklaryň we halkara guramlaryň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Şeýle hem sebitleýin meleleri we halkara gün tertibiniň nukdaý-nazarlary, şol sanda halkara wehimlerine garşy göreşmegiň meseleleri giň ugry babatda pikirler alşyldy. Şweýsar tarapy AHHG-nda başlyklyk etmeginiň çäginde Türkmenistanyň oňyn oňyn işjeňligini bellediler. Şunlukda taraplar bu mesele boýunça tagallalary birikdirmek meýillerini bellediler.

Taraplar geçen ýylda geçirilen iki ýurduň işewürler toparlarynyň duşuşygyna salgylanyp, aýratyn ünsi söwda-ykdysady özara gatnaşyklaryň meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar maýa goýum çygrynda gatnaşyklary giňeltmegiň täze usullaryny agtarmak üçin işi dowam etmegi ylalaşdylar. 

Ýola goýlan netijeli gatnaşyklary geljekde diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyga laýyk gelýän gepleşikleri dowam etmegiň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, taraplar resmi wekiliýetleriň özara saparlarynyň ähmiýetini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi