Gyrgyzystanda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kubogy almak ugrunda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi

2018-nji ýylyň 5-nji maýynda llçihana tarapyndan Gazagystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň hem-de Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetiniň futbol toparlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygyna bagyşlanan kiçi futbol boýunça “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kubogy almak ugrunda ýaryş gurnaldy.

Bu ýaryş Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetiniň futbol meýdançasynda geçirildi we jemi 8 topar gatnaşdy. Ýaryşyň açylyş dabarasyna Gazagystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçileri hem-de Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetiniň rektory gatnaşyp gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi ýaryşa gatnaşyjylara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sporty ösdürmek we Beýik Ýüpek ýoluny täze mazmunda dikeltmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna Täjigistan Respublikasynyň Ilçihanasynyň futbol topary, 2-nji orna Gazagystan Respublikasynyň Ilçihanasynyň futbol topary mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kubogy, degişli medallary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýaryş tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.