Türkmenistan — Özbegistan Respublikasy: medeni miras ulgamynda hyzmatdaşlyk

2018-nji ýylyň 5-nji maýynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda medeniýet dessurlary we milli tagamlaryň XVI sergisi geçirildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Özbegistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we akkreditirlenen halkara guramalary şeýle hem medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Her ýylda geçirilýän bu sergide Türkmenistanda çykarylýan dürli görnüşli önümleri özünde jemledi. Pagta süýümi, nah ýüplük we matalar, taýýar tikin we trikotaž önümleri, milli keteni matalary we elde dokalan ýüpek halylar, şeýle hem şaý sepler görkezildi. Bu ajaýyp döredijilik baýramçylygy özbegistanlylara türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan däp-dessurlary, taryhy we häzirki ýeten derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Şonuň ýaly-da sergide türkmen medeniýeti we amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen birikde milli tagamlaryň birnäçe görnüşleri hem görkezildi. Bu ajaýyp nygmatyň gaýtalanmajak tagamyna olaryň özleriniň göz ýetirip bilmekleri üçin gatnaşyjylaryň ählisine we myhmanlara bereketli türkmen milli duz-tagamlary hödürlendi.

Şeýle hem bu dabaranyň çäklerinde doganlykly ýurduň meşhur döredijilik toparlarynyň, belli aýdymçy-sazandalarynyň we folklor-etnografiki tans toparynyň gatnaşmagynda konsert boldy.