icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 maý 2018

939

Aşgabatda türkmen-palestin syýasy geňeşmeleri geçirildi

2018-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Palestinanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirildi. Palestin wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýa ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk esasyndan gelip çykýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek meýillerini beýan etdiler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda taraplar parlamentara gatnaşyklaryny, şeýle hem medisina we derman senagaty, gurluşyk, oba hojlayk we suw serişdeleri pudaklarynda hyzmatdaşlygy bellediler.

Wekiliýet ýolbaşçylary söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň meselelerini ara layp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň telekeçileriniň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerine garadylar, şeýle hem daşary ýurt maýa goýum mümkinçiliklerini ara aly maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ýola goýlan gepleşikleri dowam etmegiň ähmiýetini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi