icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

05 sentýabr 2016

2286

Moldowa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2016-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kiýew şäheri) jenap Ruslan Bolboçan bilen duşuşyk geçirildi.

Ilçiniň özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurandan soň, taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gelejegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti bellenildi. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan BMG, ÝB we ÝHHG ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar tejribe alyşmak we ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirmek esasynda parlamentara hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmaga gyzyklanmalaryny aýan etdiler.

Soňra taraplar söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewür adamlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we medeni-ynsanperwer ugrunda aragatnaşyklary berkitmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi