Argentinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Argentinanyň Türkmenistandaky (rezidensiýasy Moskwa ş.) täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Rikardo Ernesto Lagorio bilen duşuşyk boldy.   

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, Argentina bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli berkitmegiň zerurdygyny belledi.

Argentinanyň Ilçisi syýasy hyzmatdaşlyk ugrundaky meselelere degip geçende, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatynyň ornuny we möhümligini belläp, onuň sebitiň şeýle-de bütin dünýäniň howpsuzlygyny we berk ösüşini berkitmekde aktuallygyny saklaýandygyny aýtdy.

 Halkyň durmuş derejesini ösdürmek we daşky gurşawy goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdyny bellediler.

Şeýle hem, taraplar oba hojalyk, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmeklige özara gyzyklanmalaryny bildirdiler.