icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 iýun 2018

743

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi - ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady.

Şu halkara foruma ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň ekolog alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli parlamentiň deputatlary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy edarasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ), Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetiniň, Norwegiýanyň Tebigat ulgamynda ylmy barlaglar institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň halkara guramalary bilen bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň çäklerinde, şol sanda bioköpdürlülik, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini aýawly saklamak we dolandyrmak, ýurdumyzyň aýratyn goralýan çäklerini ösdürmek, Hazar deňziniň kenar ýakasynda emeli adalary döretmek ulgamynyň çäklerinde ekologiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygynyň dürli meselelerine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda guralan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bu sergide mynasyp orun eýeledi.

Şeýle hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmen tebigaty Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda” atly sergi açyldy. Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde guralan okuw maslahaty ekologiýa işine ylmy işläp taýýarlamalary we innowasiýalary ornaşdyrmak meselelerine bagyşlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi