Kolumbiýanyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady türkmen paýtagtyna gelen Kolumbiýanyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfonso Lopes Kabalýero bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen-kolumbiýa gatnaşyklaryny ösdürmek işinde jogapkärçilikli wezipesine bellenilmegi bilen Ilçini gutlap, türkmen tarapy Kolumbiýa bilen gatnaşyklary berkitmekde we geljekde ösdürmekde ýurduň aýratyn ünsüni belledi. Ilçi Lopes öz gezeginde Merkezi Aziýa ýurtlary, aýratyn hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde Kolumbiýanyň gyzyklanmasy barada aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplaryň halkara meýdanynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we Goşulyşmazlyk hereketiniň çäginde işjeň gepleşikleri ösdürmäge ygrarlydygy bellenildi. Şeýle hem, ählumumy meselelere we howplara garşy göreşmegiň mümkinçiliklerine seredildi.  Gejekki hyzmatdaşlyk üçin öňdebaryjy ugurlary bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Kolumbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy gepleşikleri geçirmegiň wajyplygyny bellediler.