Moskwa şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we onuň täsirine ýanaşmak” atly medeni çäre geçirildi

2018-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ine Moskwa şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we onuň täsirine ýanaşmak” atly medeni çäre geçirildi. Rerihler Muzeýiniň (Gündogar döwlet muzeýiniň şahamçasy) çäklerinde we zallarynda sebitiň döwletleriniň ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň merkezi bölegi bolan Türkmen döwletiniň taryhy wezipesi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň arabaglanyşygy mowzugyny şöhlelendirmäge gönükdirilen täsirli waka bolup geçdi.

Çäräniň guramaçylary bolan Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy we  Gündogar döwlet muzeýiniň administrasiýasy onuň maksatnamasyna türkmen suratkeşleriniň Beýik Ýüpek ýoly mowzugy boýunça çeken suratlarynyň sergisiniň açylyşyny hem-de myhmanlary türkmenleriň aýdym-tans we milli tagam däpleri bilen tanyşdyrýan folklor baýramçylygyny girizdiler.

Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň, Russiýa döredijilik birleşikleriniň wekilleriniň, Moskwanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplarynyň hem-de KHBS-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Rerihler Muzeýiniň zallarynda türkmen suratkeş ussatlarynyň eserleriniň sergisiniň açylyşy boldy.  

Olimpiýa oýunlarynyň 3 gezek çempiony, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputaty Irina Rodnina hem çäräniň hormatly myhmany bolmak bilen, türkmen suratkeşleriniň eserleriniň aýratyn öwüşginini belläp, olaryň milli medeniýetiň beýikliginiň tomaşaça janly we tolgundyryjy duýgulary berýändigi hakynda aýdyp geçdi.

Serginiň açylyşynda çykyş eden ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly umumymilli tematiki çäräniň bütin 2018-nji ýylyň dowamynda geçýändigi, şeýle-de onuň öz içine taryhy-medeni ugurdan döwrebap durmuş-ykdysady ugra çenli dürli ugurlary alýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň çäginde (Türkmenistanda we daşary ýurtlarda) geçirilýän maslahatlar, sergiler, seminarlar, ylmy simpoziumlar türkmenleriň geçen taryhy ýoluna dogruçyl baha bermäge, milli-medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary, adatlary we durmuşy esaslary bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşýan gymmatly goşandyna düýpli akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Sergi bilen tanyşmakdan soňra gatnaşyjylar muzeýiň howlusyna geçdiler. Ol ýerde çärä gatnaşyjylara türkmenleriň aýdym-tans däplerini ýakyndan duýmaga mümkinçilik beren folklor çykyşy geçdi. Ýakymly ysly palawy we beýleki milli tagamlary bolan türkmen desterhany hem bol boldy.