icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

23 noýabr 2016

1078

Rumyniýada Türkmenistanyň tranzit-transport mümkinçiliklerine bagyşlanan “tegelek stol” geçirildi

2016-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Konstansiýanyň (Rumyniýa) deňiz portynyň edarasynda geçirilen “tegelek stolda” Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag ulgamyndaky halkara başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň tranzit-transport mümkinçilikleri, ýurdumyzyň çäklerinde multimodal ulag infrastrukturasy hödürlendi. “Tegelek stoly” gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy we Konstansiýanyň port edarasy çykyş etdiler.

Maslahata Konstansiýa deňiz portunyň ýolbaşçylary, Rumyniýanyň daşary işler we ulag ministrlikleriniň wekilleri, diplomatik korpusyň wekilleri, şeýle hem iri ulag kompaniýalarynyň wekilleri we Konstansiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdy. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistandan Türkmenbaşy halkara portunyň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijiniň baştutanlygynda ýörite wekilýet geldi.

Tegelek stolda Konstansiýa deňiz portunyň müdiri Dan Tiwilika, Türkmensitanyň Rumyniýadaky Ilçisi Ş.Jumaýew, Türkmenbaşy halkara portunyň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji D.Seýitmämmedow çykyş etdiler.

Şeýle hem “tegelek stoluň” çäklerinde Konstansiýanyň we Türkmenbaşy portlarynyň mümkinçiliklerini giňişleýin açyp görkezýän wideorolikler görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi