Аşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

2016-njy ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi geçirildi.

            Giň gerimli ekspozisiýa garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurduň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlary nebit-gaz çygry, gurluşyk senagaty, gaýtadan işleme, ýeňil we azyk senagatlary, kommunikasiýa, ulag we aragatnaşyk pudaklary, telekeçilik, agrosenagat toplumy we ş.m boýunça ösüşiniň gazananlaryny şöhlelendirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, daşary ýurt döwletleriniň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.