icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 iýul 2018

727

Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi.  

Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy düzümleriň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň gyrgyz bölegine Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri O.M.Pankratow baştutanlyk etdi.  

Mejlisiň başynda taraplar 2016-njy ýylyň awgustynda Bişkek säherinde geçirilen toparyň ikinji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine umumy syn berdiler we bu çözgütleri durmuşa geçirmekde iki ýurduň degişli edaralary tarapyndan degişli işleriň ýerine ýetirilendigini belläp geçdiler.

Gepleşikleriň dowamynda özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine seredildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň mümkinçiliklerini seljerdiler we bilelikdäki kärhanalary döretmekde hem-de dürli ugurlar boýunça taslamalary ýerine ýetirmekde iki ýurduň hususy sektoryna ýardam bermegiň zerurdygyny belläp geçdiler. Şeýle-hem taraplar senagat, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar medeni-ynsanperwer ugrynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de medeniýet, syýahatçylyk, ýaşlar syýaaty, bedenterbiýe we sport ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meýillerini beýan etdiler.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 3-nji mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi we geljekki döwürdäki döwletara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi