icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 awgust 2018

769

Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň agzalarynyň iş maslahaty tamamlandy

2018-nji 22-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynyň öň ýanynda, Merkezi Aziýanyň Tebigaty goramak ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň işiniň çäklerinde aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirdi.

Maslahata gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygynyň we durnukly ösüşiň institusional we hukuk esasyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Toparyň işini geljekde kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy. Hususanda, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň ýolbaşçylygynyň ygtyýarynyň yzygiderlilikde nobatdaky döwlete geçirmek işini maslahatlaşylar.

Merkezi Aziýanyň Tebigaty goramak ministrlikleriniň ýolbaşçylary Merkezi Aziýada Durnukly ösüşi üpjün etmekde daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň sebitleýin maksatnamasyny işlep taýýarlamagyň gidişiniň meselelerine garadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi