icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 oktýabr 2018

804

Türkmenistanyň DIM-de Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň prezidenti hanym Li Ok Rýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Assosiasiýanyň prezidenti türkmen tarapyna myhmansöýer garşylandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny belläp, taraplar ony ýerine ýetirmek ugrunda ediljek indiki ädimlere seredip geçdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde oba-hojalyk pudagyny belläp geçdiler. Türkmen topragynyň baýlygyny, bereketliligini belläp geçmek bilen, koreý tarapy Türkmenistanyň oba-hojalyk pudagyna öz goşandyny goşmak maksady bilen tehnologiýa taýdan goldamaga isleg bildirdi we baý tejribesi bilen paýlaşmaga taýýardygyny belledi.

Gepleşikleriň dowamynda Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň prezidenti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini belledi, şeýle-de Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine we daşary syýasatynyň parahatçylykly häsiýetine uly baha berdi.

Duşuşygyň soňunda, taraplar medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy aýratyn nygtap geçdiler. Türkmen tarapy hanym Li Ok Rýonyň roluny aýratyn belläp, onuň iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny berkitmekdäki goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi