icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 awgust 2017

1344

Owganystanyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Türkmenistanyň wekiliýeti bilen duşuşdy

2017-nji ýylyň 30-njy iýulynda Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary hanym Adeli Raz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini hem-de Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň ýedinji mejlisine (RECCA VII) taýýarlyk görmek işleriniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Raz ikitaraplaýyn we sebitleýin derejelerde iki ýurduň arasyndaky barha ösýän ykdysady hyzmatdaşlyga salgylanyp, RECCA VII maslahatyny geçirmegi gurnaýandygy üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Ol Aşgabat maslahatynyň Kabulda geçirilen RECCA VI maslahtyndan soň ýetilen sepgitleri energetika, ulag ulgamlary, söwdany we üstaşyr geçirmegiň düzgünlerini ýönekeýleşdirmek, aragatnaşyk ýaly ugurlarda ileri tutulýan taslamalary hemmetaraplaýyn garamak ýoly bilen seljermäge örän gowy mümkinçilik boljakdygyny aýtdy we ileri tutulýan taslamalara we öňe gitmäge gerek bolan maýa goýum zerurlyklary hem-de kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik bolar diýip belledi.

Duşuşygyň barşynda Owganystanyň DIM-niň ykdysady departamentiniň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine etiriji Soruş RECCA VII maslahatynyň öň ýüzünde taýýarlyk işleriniň gidişi we meýilleşdirilen çäreler hakynda gysga hasabat berdi. Taraplar RECCA VII maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geňeşmeleri we utgaşdyrmagy dowam etmegiň wajypdygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi