Bilim

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.

Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip, milli Liderimiz belleýär.

Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde Türkmenistanda “Bilim hakyndaky” kanun kabul edildi.  Şoňa laýyklykda,  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär, orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär we çagalar baglary, orta we ýokary okuw jaýlary gurmakda uly işler alnyp barylýar.

«Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilmegi geçen ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Iň täze tehnologiýalary ulanmaga hem-de bilim babatda sanly ulgama geçmek ýörelgesini amala aşyrmaga aýratyn üns berildi. Bu ýerde ýerleşdirilen sergi bölümleri myhmanlary ylmyň geljegi bilen tanyşdyrdy. Forum ministrlikleriň, esasy bilim, sport edaralarynyň, guramalaryň, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 120-ä golaý wekilini, ylymlaryň doktorlaryny, professorlaryny jemledi.

26-njy fewralda Ýewropa Bileleşiginiň Baş edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Belgiýanyň paýtagtynda Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan Bilelikdäki Komitetiniň 18-nji duşuşygy geçirildi. Gün tertibine Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça işlenilip taýýarlanylýan täze strategiýasy babatda garalan dürli ugurdaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleri girizildi.

Ylym-bilim ulgamy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň has möhüm ugrudyr. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak babatdaky öňde goýulan täze wezipelerini nazara alyp, türkmen tarapy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze strategiýasynyň çäklerinde ähli derejeleri – başlangyç, orta, ýokary hünär bilim derejelerini öz içine alýan bu ugry güýçlendirmegi teklip etdi. Şeýle hem Ýewropada we Merkezi Aziýa döwletlerinde uniwersitetleriň arasyndaky özara alyşmalary, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamalaryny işjeňleşdirmek maksada laýyk bolar. Ýurdumyz bilim ulgamyna dünýä ölçeglerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda BMG bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Bu mesele 2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz deputatlary bu ugurda bilim bermegiň täze standartlary, dünýäde gazanylan öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak arkaly iş geçirmäge çagyrdy.

 

Ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumaty bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy bu pudagy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky ojagy bolan ýokary mekdebiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda soňky ýyllarda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sany düýpli artdy, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň birnäçesi girizildi, bu iş häzir dowam edýär.

12-nji iýunda bolan maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat-tehnologiýalar babatda gazanylanlardan baş çykarmaga ukyply ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen birnäçe resminamalara, şol sanda «Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky» Permana gol çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň taýýarlanylyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýip atlandyrmak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz, syýahatçylyk pudagy üçin işgärleri taýýarlamagy medeniýete jogap berýän ulgam bilen baglanyşdyrmak maksady bilen, «Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karara hem gol çekdi. Bu bolsa dünýäniň syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň ösüş ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Mundan başga-da, milli Liderimiz «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Onda döwrüň talaplaryny nazara almak bilen özgertmeleri geçirmek, ýurdumyzda milli hünärmenleri dünýä ölçegleriniň derejesinde taýýarlamagy kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler kesgitlendi.

2018-nji ýylyň 24-nji martynda «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy; başlangyç hünär bilim hakyndaky diplomyň nusgasy; başlangyç hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň nusgasy; orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň nusgasy; orta hünär bilimi hakyndaky tapawutlanan diplomyň nusgasy; bakalawryň diplomynyň nusgasy; bakalawryň tapawutlanan diplomynyň nusgasy; magistriň diplomynyň nusgasy; magistriň tapawutlanan diplomynyň nusgasy; ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň diplomynyň nusgasy; ýokary hünär bilimi hakyndaky hünärmeniň tapawutlanan diplomynyň nusgasy; hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky diplomyň nusgasy; hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakyndaky tapawutlanan diplomyň nusgasy; hünär derejesini ýokarlandyrandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan hem-de tassyklanylan ylym pudagyny ösdürmegiň maksatnamalaýyn binýadyny 2018-2024-njy ýyllar üçin durmuş ykdysady ösüşiniň Milli  Maksatnamasy, 2015-2020-nji ýyllar üçin innowasiýa işini ösdürmegiň maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy we beýlekiler bolup durýar.

Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Häzirki döwürde dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary hem-de gaznalary bilen hyzmatdaşlyk ep-esli giňeldildi. Ýurdumyz bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistanyň çäginde hereket edýän halkara guramalary — Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş Maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Biziň döwletimiz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze taryhy tapgyry ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde, bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär.

Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, Uzak Gündogar, Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlarynyň iri merkezleri bilen ylmy-tehniki gatnaşyklary täze derejä çykardylar. Türkmenistanyň 2017 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Ylym we tehnika baradaky komissiýasyna saýlanmagy halkara ylym-bilim giňişliginde döwletimiziň abraýyny artdyrýan üstünlikleriň biridir.

Döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň ajaýyp bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza we halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertleri döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, biziň esasy wezipämiz halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini ýetişdirmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýokary okuw we beýleki okuw mekdepleriniň binalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp, sebitlerde orta mekdepleriň 5-si we paýtagtymyzda çagalar bagy ulanylmaga berildi.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebinde ýene bir möhüm waka bolup geçdi. Bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep bilen teleköpri guraldy.

Bilim pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasiýa tehnologiýalary ýaly dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy.

12 ýyllyk okuwa geçilmegi bilen baglanyşykda we hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda işler alnyp baryldy. Elektron dolandyryş, programma üpjünçiligi, elektron bilim, maglumat gaznasyny döretmek boýunça okuw maslahatlary guraldy. Ýokary okuw mekdeplerini bitewi bilim ulgamyna goşmak boýunça işler geçirilýär.

Mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň sanawyny artdyrmak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Munuň özi köpugurly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň giňelýändigini we ösýändigini nazara almak arkaly kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon we başga-da dürli dilleri çuňňur öwredýän okuw mekdepleri hereket edip başlady.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ders ugurlary boýunça geçirilýän abraýly olimpiadalarda her ýylda üstünlik gazanmagy bolsa bilim ulgamynda amala aşyrylýan täzeçil özgertmeleriň oňyn netijesidir.

Ýurdumyzda mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, bu ugurda hünär derejelerini ýokarlandyrmak, iň oňat mugallymlaryň hem-de terbiýeçileriň öňdebaryjy tejribelerini wagyz etmek maksady bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň goldamagynda Bilim ministrligi tarapyndan «Ýylyň mugallymy» we «Ýylyň terbiýeçisi» atly döwlet bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Ýyl-ýyldan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany artýar. 5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklap, Buýruga gol çekdi. Şeýlelikde, 12 müň 242 oglan we gyz ilkinji ýyl talyplary boldy. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, kabul edişlik 3 müň 392 talyp orunlyk artdy. Munuň özi ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze okuw hünärleriniň döredilmegi netijesinde mümkin boldy.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamak boýunça täze ugurlaryň 33-si döredildi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna talyplar ilkinji gezek kabul edildi.

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärli işgärlere bolan islegini nazara almak bilen, orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň sany artdy. Şu okuw ýylynda hünär mekdepleriniň 42-si 9 müň 63 okuwçyny kabul etdi.

Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alýan okuw mekdepleriniň çägi ýylsaýyn giňelýär. Ýurdumyzyň talyplaryny okatmak işi gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýollanmasy boýunça amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda çykaran Buýrugyna laýyklykda, «Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharestiň raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda, şeýle hem «Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda bilim we ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

Bu Ähtnamalar 2018-nji ýylyň oktýabrynda düzümine Bilim ministrliginiň wekilleri we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary giren türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş saparynyň barşynda baglaşyldy.

Şonuň yzysüre – 20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekdi, olara laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Rumyniýadan we Awstriýa Respublikasyndan bolan kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin sapara ugradyldy.

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary boldy. Şonuň çäginde birnäçe resminamalara, şol sanda iki ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda resminamalaryň üçüsine gol çekildi. Munuň özi türkmen-russiýa gatnaşyklarynda ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm orun eýeleýändigini ýene bir gezek tassyklady.

Ýurdumyzyň ençeme bilim edaralary daşary ýurtlardaky onlarça okuw mekdepleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdular. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri hem bar.

Sukuba şäheriniň uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy hem-de Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda 2013-nji we 2015-nji ýyllarda gol çekilen akademiki alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen ýaponiýaly mugallymlaryň zähmet çekýän Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky özara gatnaşyk üstünlikli pugtalanýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallary bolup durýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça 2016-njy ýyldan başlap, ýapon dili ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-sinde hem-de ýokary okuw mekdepleriniň 5-sinde okadylýar.

Birnäçe ýyllardan bäri türkmen ýaşlary talyplar üçin dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak baradaky «MIRAI» ýapon maksatnamasyna işjeň gatnaşýarlar. Ol dünýäniň ähli künjeginiň ýaş nesilleriniň wekillerini birleşdirmek bilen, olara ylmy gözlegleriň dürli amaly görnüşlerinde gymmatly tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýär.

2018 — 2019-njy okuw ýylynda türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi Belarus Respublikasynyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyp şahadatnamalaryna mynasyp boldular. Türkmenistanyň halkara ýokary okuw mekdepleri hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen talyplary okuwa kabul etdiler.

Iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünäri hem ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, şu döwletlerde öz talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy.