icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

14 fewral 2024

545

Brýusselde Ýewropanyň KHBS-si üçin brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasynyň gurnan brifinginde diplomatik wekilhananyň başlygy Sapar Pälwanow Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda ýetilen sepgitlerini belläp geçdi we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen tanyşdyrdy.

Çärä dürli ýurtlaryň KHBS-niň baş direktorlary, baş redaktorlary we habarçylary, şol sanda EU Reporter, EU Today, Buscardini Communications, Diplomatic World, KazInform we Sekai Magazine. ýaly meşhur neşirler we habar beriş agentlikleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, brifing Belgiýanyň diplomatiki, akademiki jemgyýetiniň wekilleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa parlamentiniň ünsüni özüne çekdi. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň syýasatyna we medeni başlangyçlaryna düýpli gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.

Brifingde ýurduň bitaraplyga, parahatçylyga we ählumumy howpsuzlyga ygrarlydygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasy strategiýasy barada umumy syn berildi. Şol sanda Ilçi S.Pälwanow Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň işlenilip düzülişine işjeň gatnaşýandygyny we sebitleýin parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky edilýän tagallalara goşýan goşandyny belläp geçdi. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyga we bitaraplyga gönükdirilen gepleşikleri baradaky kararnamalaryň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Brifingiň esasy bölegi ykdysady diplomatiýa bagyşlanyp, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy gurluş özgertmeleri, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakdaky tagallalar we Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna (BSG) goşulmagyndaky öňegidişlikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şu nukdaýnazardan energetika, ýaşyl energiýa geçiş we ulag diplomatiýasy, şol sanda BMG-niň durnukly ulag ulgamyna degişi kararnamalaryny öz içine alýan ýurtlar ýaly möhüm meseleler gozgaldy. Mundan başga-da, COP-28 dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmegi, ekologiýa meselelerini çözmäge ygrarlydygyny görkezdi.

Şeýle hem brifingde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda gazanylan üstünlikler beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar ­ Watanyň daýanjy” atly kitabynda ýurduň ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri şöhlelenýändigi barada gürrüň berdi.

Mundan başga-da Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygary bilen tanyşdyryldy. Türkmen diplomaty bu başlangyç Türkmenistanyň şahyryň mirasyny dowam etdirmek, isleginiň beýanydygyny, türkmen we gündogar edebiýatynyň bahasyna ýetip bolmajak goşandy, şeýle-de ruhy we medeni terbiýeçisi hökmünde ähmiýetlidigini belledi.

Brifingiň ahyrynda myhmanlara türkmeniň milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi