icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

01 mart 2024

533

Özbegistanda Türkmenistanyň möhüm hökümet we döwlet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Bu çärä Özbegistan Respublikasynyň Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy, bu ýurduň türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy.

Brifingde Türkmenistanyň Ilçisi Ş.Meredow çärä gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly kesgitlenilen möhüm wezipeler barada giňişleýin tanyşdyrdy.

Şeýle hem, brifingiň dowamynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi