icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

13 ýanwar 2017

2295

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy (2017-nji ýylyň 13-nji ýanwary)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde, biz ýurdumyzyň ýubileý ýylyny, ýolbaşçylaryň hasabatyndan görnüşi ýaly, oňat netijeler bilen tamamladyk. Şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde bitaraplyk syýasatymyzyň ýurdumyzyň ösüşine oňyn we durnukly täsir edýändigini bütin dünýä subut etdik.

Daşary syýasatda beýleki döwletler bilen gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalaryň çäklerinde anyk maksada gönükdirip, yzygiderli ösdürdik. Biziň daşary syýasatymyz bitaraplyk ýörelgesine berk eýerilip, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda amala aşyryldy.

Giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy we bellenen sepgitlere ýetildi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, her welaýatda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeler guruldy we häzir hem gurulýar.

Geçen ýylda bazar gatnaşyklaryny emele getirmek wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça netijeli işleri dowam etdik. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy eýeçiligiň ähmiýetini we ornuny düýpli ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek, döwlete degişli kärhanalaryň sanyny azaltmak wezipelerinden ugur aldyk.

Häzirki döwürde telekeçiler döwletiň goldaw bermeginde ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar. Halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Telekeçileriň öz banky bolup, olar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Owganystanda, Moldowada, Russiýada täze desgalary gurýarlar.

Hytaýda, Birleşen Arap Emirliklerinde öz wekilhanalaryny açdylar. Häzirki döwürde olaryň alyp barýan işleriniň guwandyryjy netijeleri berýändigini hasam aýratyn bellemek isleýärin.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Geçen ýyl taryhy öwrenmek, Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy berkitmek şygary astynda geçdi. Biz alyp barýan netijeli işlerimiz bilen sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşmagy dowam edýäris.

Bu ugurda alnyp barlan işleriň ählisi dünýäde ýurdumyzyň tutýan ornunyň berkemegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyna uly ýardam berdi.

Mähriban halkymyz biziň alyp barýan syýasatymyzy giňden goldaýar, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşýar. Şonuň netijesinde, şeýle uly üstünlikleri gazanandygymyzy we belent sepgitlere ýetendigimizi men öňem ençeme gezek belläpdim we ýene-de bir sapar bellemek isleýärin.

Öz yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen döwletimiziň ösüşine uly goşant goşan adamlaryň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, dürli pudaklarda işleýän adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Häzir men şu ýyl amala aşyrmaly wezipelerimiz barada durup geçmek isleýärin. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen strategik häsiýetli çäreleri durmuşa geçirmegiň ýoly bilen, maksatnamalaýyn çemeleşmelere daýanyp, berkarar Watanymyz öz ykdysady ösüşini amala aşyrýar.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, pudaklary çalt ösdürmek arkaly ýokary ykdysady ösüş depginlerine durnukly goldaw bermek biziň esasy ugrumyz bolmalydyr.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2017-nji ýylda hem ýurdumyzyň durmuş syýasaty ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ähli şertleri döretmäge gönükdiriler. Saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň we hyzmatlar ulgamyna degişli beýleki işleriň netijeliligi artdyrylar.

Durmuş abadançylygy, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galar.

Şunuň bilen birlikde, biziň entek ulanylmaýan mümkinçiliklerimiz hem köp. Bu mümkinçilikleri şu ýyl hökman ulanmalydyrys.

Ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek, täze, ýaş ýolbaşçylary taýýarlamak, ýerlerde ýolbaşçylaryň öz işiniň netijeleri üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmak şol mümkinçilikleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ähli şäherleriň we etraplaryň häkimleriniň Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde hasabat bermek tejribesini dowam ederis.

Ýaşlarymyzyň her bir şäherde we obada, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinden daşarda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde oňat bilim almagy, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagy, medeniýetiň, saglygyň we sportuň durmuşymyzyň adaty kadasyna öwrülmegi biziň esasy maksadymyzdyr.

Şoňa görä-de, şu ýyl ýolbaşçylaryň öňünde şular esasy wezipeler bolup durýar: A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Mähriban halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk binýadyny we ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamaly.

Siz Ministrler Kabineti bilen bilelikde fewral aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna, döwletimiziň täze Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna we Ahal welaýatynda Ýaşulularyň maslahatyny geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli.

Prezident saýlawlaryndan we ýurdumyzyň Hökümetiniň täze düzümi tassyklanandan soň, Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipelere mart-aprel aýlarynda deputatlar bilen geçiriljek duşuşykda jikme-jik seretmek zerurdyr.

R.Meredow, ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärleri Türkmenistanyň bähbitlerini yzygiderli goramak, dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça tutanýerli işleri alyp barmaly.

Ýakyn ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyny işläp taýýarlamaly. Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara we daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň, halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň maksatnamalaryny taýýarlamaly.

Biziň başlangyjymyz boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldaw tapan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna ýurdumyzyň Başlyklyk etmegi bilen bagly geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmeli we bu çäreleri ýokary derejede geçirmeli.

B.Hojamämmedow, maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylary! «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» ýene-de bir gezek jikme-jik seretmeli. Täze Milli Maksatnamany Hökümetiň garamagyna bermeli.

Ähli ministrlikler we pudak edaralary ýakyn ýedi ýyl üçin strategik, pudaklaýyn, maksatlaýyn we sebitleýin maksatnamalarynda beýan edilen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda, ýurdumyzda ýokary ykdysady ösüş depginini üpjün etmek, pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmek we makroykdysady taýdan deňeçerligi saklamak boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmeli.

Ykdysady ulgamyň durnukly bolmagyny, maýa goýum işjeňligini üpjün etmeli. Milli pulumyzyň we onuň satyn alyş ukybynyň durnukly bolmagy üçin zerur çäreleri görmeli. Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga we ätiýaçlyk daşary ýurt puly goruny köpeltmäge aýratyn üns bermeli.

Puluň hümmetsizlenmek derejesini göz öňünde tutulan möçberlerden ýokary geçirmän saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur möçberde pul serişdeleri bilen üpjün etmek, öňküsi ýaly, bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolmagynda galýar.

Şu ýyl hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň hilini has-da ýokarlandyrmak amala aşyrýan durmuş syýasatymyzyň esasy maksady bolmalydyr. Bu wezipe saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we hyzmatlar ulgamyna degişli ykdysady işiň beýleki görnüşleriniň netijeli bolmagyny üpjün etmek esasynda amala aşyrylmalydyr.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny», şeýle hem beýleki milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak, zähmet bazarynyň meselelerini çözmek, raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin şertleri döretmek boýunça çäreler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda aýratyn orny eýeleýär.

Ý.Kakaýew, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary! Ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmeli.

Türkmen energiýa serişdeleriniň täze gaz geçirijiler boýunça daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Strategik taýdan örän möhüm bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli. Suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

D.Amangeldiýew we maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary! Şu ýyl üçin gurluşyk maksatnamasy örän giň gerimli. Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 42 milliard 700 million manat möçberdäki serişdäni özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şonuň 34 milliard 900 million manady ýa-da 81,6 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna, 7 milliard 800 million manady ýa-da 18,4 göterimi bolsa, önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda 873 desganyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şol desgalaryň 262-si önümçilik maksatly, 611-si bolsa, durmuş maksatly desgalar bolup durýar.

Ýagny hassahanalar, saglyk merkezleri we öýleri, mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepler, medeniýet öýleri gurlar we olaryň durky täzelener. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etmeli. Şäherde ýaşaýyş jaýlaryny döwlet serişdeleriniň hasabyna hem, hususy maýa goýumlarynyň hasabyna hem gurmaly.

Ýurdumyzyň önümçilik-tehniki maksatly pudaklary, öňküsi ýaly, maýa goýumlaryny goýmak üçin ileri tutulýan pudaklar bolmagynda galýar.

Bu pudaklaryň ösmegi köp sanly täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň esasy bölegini şu pudaklara gönükdirmeli.

Üstümizdäki ýylda biz ýurdumyzda milli elektroenergetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Täze elektrik stansiýalaryny gurmaly, hereket edýänlerini döwrebap ýagdaýa getirmeli. Bu bolsa goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, elektrik energiýasy bilen içerki sarp edijileri yzygiderli we bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Şu ýyl ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Ş.Durdylyýew we şäheriň etraplarynyň häkimleri, siz paýtagtymyzda bu möhüm çärä taýýarlyk görmek işlerini güýçli depginde alyp barmaly. Köçeleri we şaýollary halkara standartlara laýyklykda abadanlaşdyrmaly. Olary bezemek boýunça zerur işleri geçirmeli.

R.Bazarow, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary! Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Oba hojalygyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmeli. Bu wezipäni durmuşa geçirmek maksady bilen, agrosenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli ulanmaly. Pudaga bütinleý täze, has netijeli döwrebap usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaly.

Ýurdumyz boýunça şu ýyl 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmeli we ýygnap almaly.

Ähli hojalyklarda maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini köpeltmeli. Biz şu ýyl beýleki oba hojalyk ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň we miweleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini hem artdyrmaly.

Şu maksat bilen, biz tebigaty goramaga, seçgi-tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ulanmaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça möhüm ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berýäris. Ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça işleri amala aşyrmaga köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris.

Özlerini maliýe taýdan ödemeýän daýhan birleşiklerini kärendesine, fermerçilige bermäge, ýeri daýhanlara 50 ýyla we şondan hem köp möhlete kärendesine bermäge tapgyrma-tapgyr başlamaly.

Şu meselä oba hojalyk toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň aýratyn üns bermelidigini bellemek isleýärin. Biziň şäherlerimizi we obalarymyzy, oba hojalygymyzy suw bilen doly üpjün etmek üçin, bar bolan suw desgalarynda, akabalarda, suw göterijilerde abatlaýyş işlerini geçirmeli hem-de şular ýaly täze desgalary gurmaly. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy tejribä girizmeli.

A.Nurberdiýewa, şäher hojalygyny suw bilen üpjün etmekde bökdençlik döredilmegi, oba hojalygynda ulanylýan ýerleriň içerki akabalarynyň ýaramaz ýagdaýda saklanylmagy üçin, adamlaryň jenaýat we maddy jogapkärçiligi baradaky maddalary Jenaýat kodeksine girizmegi Türkmenistanyň Mejlisine tabşyrýaryn.

B.Annameredow, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary! Şu ýyl biz ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Demirgazyk — Günorta, Türkmenistan — Owganystan demir ýollaryny netijeli özleşdirmeli. Toplumyň pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmeli. Şoňa görä-de, awtomobil, demir ýol, suw hem-de howa ulag serişdelerini täzelemeli. Täze demir ýol we howa menzillerini gurmaly. Bar bolanlarynyň durkuny täzelemeli.

Biz ýakyn wagtda Amyderýanyň üstünden geçýän iri demir ýol we awtomobil köprülerini ulanmaga bereris. Şunuň bilen baglylykda, daşaljak ýükleriň möçberiniň ep-esli artmagyna garaşýarys.

Şoňa görä-de, demir we awtomobil ýollarymyzyň ýagdaýyny ýene-de bir gezek seljermeli hem-de zerur bolan çäreleri görmeli. Ähli welaýat merkezlerinde häzirki zaman ýolagçy awtomobil terminallaryny, howa menzillerini gurmak boýunça işleri dowam etmeli. Ýerli ugurlar boýunça howa gatnawlaryny açmaly.

Biz söwda deňiz flotumyzy hem ösdürmeli. Şu ýyl Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň gurluşygyny dowam etmeli. Deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bilen, onuň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak üçin, flotumyzyň ýük daşaýan hem-de ýolagçy gatnadýan täze gämileriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreleri häzirden görüp başlamaly.

Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoluny hem toplumyň örän möhüm gurluşyklarynyň biri hasap etmeli. Bu desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi Türkmenistana dünýäniň ykdysady ulgamyna has bähbitli ugurlar boýunça goşulmaga şert döreder. Ýurdumyza gelip gowuşýan erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Aragatnaşyk barada aýdylanda bolsa, şu ýyl öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmegi, kompýuter tehnologiýalaryny, şeýle hem emeli hemramyzy ulanmak bilen Internet ulgamyny ornaşdyrmagy dowam etmeli.

Älem giňişligine ýene-de bir emeli hemrany çykarmak meselesiniň üstünde işlemeli. Bu bolsa ilat üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny, şol sanda Internet, telefon we ykjam aragatnaşyk bilen bagly hyzmatlary ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer.

S.Toýlyýew hem-de ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň ýolbaşçylary! Bilim ulgamyny dünýäniň iň oňat nusgalaryna laýyklykda ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri dowam etmeli. Garaşsyzlyk ýyllarynda biz bilim ulgamynyň ajaýyp maddy-enjamlaýyn binýadyny döretdik.

Bu ulgam üçin häzir ýokary derejeli hünärmenler zerur bolup durýar.

Şoňa görä-de, täze institutlar, mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin işgärleri taýýarlamak boýunça alyp barýan işlerimiziň depginini ýokarlandyrmaly.

Şu ýyl ýurdumyzda ylmy ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Akademiki institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmeli. Ylmy barlaghanalary häzirki zaman enjamlary, ýörite gurallar bilen üpjün etmeli. Bu bolsa ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga ýardam berer.

Rejeli iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden ýüz döndermegi, zähmet çekmek bilen dynç almagy sazlaşykly utgaşdyrmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýan, ilatyň saglygyny goramagyň milli ulgamyny emele getirmegi dowam etmeli.

Saglygy goraýyş ulgamynda zerur özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, keselleriň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleri geçirmeli. Şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen alnyp barylýan ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmeli.

Milli sporty mundan beýläk-de ösdürmeli. Bu bolsa ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmegi göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen, iň täze we kämil usullary hem-de tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny peýdalanmaly.

Tälimçileriň we türgenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, milli hünärmenlerimizi daşary ýurtlaryň ýokary sport merkezlerine ýörite okuwlara ibermegi dowam etmeli.

Şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk bilen bagly toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etmeli.

Häzirki döwürde Olimpiýa toplumynyň esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Şoňa görä-de, bu desgalara hyzmat edýän işgärleri saýlap-seçip almaly. Şu desgalarda dürli halkara ýaryşlary geçirmeli. Öz tälimçilerimizi we türgenlerimizi taýýarlamaga aýratyn üns bermeli.

Biz halkara syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etmeli. Şu maksat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýene-de ýokary derejeli myhmanhanalary we ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmaly. Täze syýahatçylyk ugurlaryny taýýarlamaly, şol ugurlarda ýokary hilli enjamlary ornaşdyryp, syýahatçylara oňat hyzmat edilmegini guramaly.

G.Mämmedowa, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary! Medeniýet babatda döwlet syýasaty jemgyýetiň ähli agzalary üçin medeni üstünlikleriň doly elýeterli bolmagyna gönükdiriler. Teatrlarda görkezilýän oýunlar täzelener we olaryň sany artar. Muzeý gymmatlyklarynyň üsti doldurylar. Obalarda we şäherçelerde kitaphanalaryň sany köpeler.

Şu ýyl Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň döredijilik we hünär taýdan ösmegi hem-de kämilleşmegi üçin giň ýol açylýar.

Öň bar bolan teatrlardan we Medeniýet öýlerinden başga-da oba ýerlerinde ýene-de Medeniýet öýlerini gurmak göz öňünde tutulýar.

Medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de berkidiler.

Dürli halkara medeni çäreleri, hususan-da, Aziada — 2017-niň geçirilýän döwründe şeýle çäreleri taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns bermeli.

Teleradioýaýlymlarda berilýän habarlaryň we gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermeli. Teleradioýaýlymlar jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgertmeleri giňden beýan etmeli. Ýurdumyzyň sport ýylynda gazanýan üstünliklerini wagyz edip, dünýä ýaýmaly.

B.Atdaýew we siziň gözegçilik edýän toplumyňyzyň ýolbaşçylary! Söwdanyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli. Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda täze söwda merkezleriniň we uly dükanlaryň (supermarketleriň) gurluşygyny yzygiderli alyp barmaly.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Şu ýyl döwletimiz tarapyndan telekeçilige uly goldaw berler. Bu işler giň gerimli çäreleri öz içine alar we telekeçiligi ösdürmäge gönükdiriler.

B.Ereşow, senagat toplumynyň ýolbaşçylary! Şu ýyl ýurdumyzyň senagat pudagynda alyp barýan syýasatyny senagaty innowasion esasda durnukly ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmaga gönükdirmeli.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dünýä bazarynda tutýan ornuny berkitmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmeli.

Biz bäsleşige ukyply we daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen harytlary öndürmegi dowam etmeli. Ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagatda, hyzmatlar ulgamynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda ýokary hilli önümleri öndürmäge aýratyn üns bermeli. Şonuň esasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň çig mal ibermek boýunça görkezijilerini yzygiderli azaltmaly.

Biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmegiň hasabyna özümizde öndürilýän harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek meselesini çözmegi dowam etmeli.

Iri senagat toplumlarynyň biri bolan Köýtendag etrabyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň gurluşygyny 31-nji marta çenli tamamlamaly.

Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerini zerur bolan materiallar bilen üpjün etmek üçin, gurluşyk materiallary pudagynda dürli görnüşli önümleri öndürmegiň möçberlerini has-da artdyrmaly. Biz bu wezipäni hereket edýän zawodlary döwrebap ýagdaýa getirmek we täze zawodlary gurup, ulanmaga bermek arkaly çözmelidiris.

Balykçylyk pudagynyň kärhanalaryny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreler hem şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Geçiriljek bu çäreler balyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga, gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny täzelemäge mümkinçilik berer.

Elektron senagatyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Bu ugurda käbir öňegidişlikler bar. Şu ýylda bilelikdäki kärhanalaryň sanyny has-da köpeltmeli.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Görşüňiz ýaly, biz şu ýyl örän köp işleri etmeli. Şu işleri üstünlikli ýerine ýetirmekde döwlet dolandyryş edaralaryna hem-de ähli derejedäki ýolbaşçylara aýratyn jogapkärçilik düşýär. Döwlet dolandyryş edaralary hem-de ähli ýolbaşçylar, geçen ýylky ýaly, şu ýyl hem agzybir we ýokary derejede guramaçylykly işläp, öz öňlerinde durýan wezipeleriň ählisini üstünlikli ýerine ýetirmelidirler.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisini jemlemek bilen, eziz Watanymyz Türkmenistanyň, bar bolan kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmagyň, mähriban halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan beýik maksatlara ýetmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bellemek isleýärin.

Men siziň ähliňize berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, mähriban halkyma bolsa, abadan we bagtyýar durmuş arzuw edýärin!

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi