icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 mart 2023

1487

Türkmenistanyň Ilçihanasynda Garyplygy ýok etmek we durmuş howpsuzlygy boýunça Pakistanyň döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Garyplygy ýok etmek we durmuş howpsuzlygy boýunça Pakistanyň döwlet ministri Faýsal Karim Kundi Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada maslahatlaşyldy. Taraplar iki doganlyk ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda we üstaşyr hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Döwlet ministrine 26-njy martda Türkmenistanda bolup geçen möhüm syýasy waka - giň bäsdeşlik, açyklyk ýörelgeleri esasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň işjeň gatnaşmagy bilen geçirilen Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli tamamlandygy habar berildi.

Türkmenistanyň ilçisi ministri Ahal welaýatyndaky täze Arkadag şäheri bilen tanyşdyryp, onuň “akylly şäher” konsepsiýasy esasynda sebitde gurulan ilkinji şäher bolýandygyny belledi.

Şeýle hem taraplar, bilelikdäki energiýa taslamalarynyň - Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TAP) ugry boýunça elektrik geçiriji liniýasynyň we optiki-süýmli aragatnaşyk liniýasynynyň durmuşa geçirilişiniň gidişi barada pikir alyşdylar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň, Päkistanyň we sebitiň energiýa howpsuzlygyny we ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin möhümdigi nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi