icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

31 mart 2023

1914

UNESCAP-ň ýerine ýetiriji Sekretary bilen duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynda (UNESCAP) Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Maşalow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-ň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi UNESCAP-yň dowamly goldawyny belläp we şu ýylyň maý aýynda geçiriljek UNESCAP-ň 79 mejlisinde kabul edilmäge meýilleşdirilýän Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Aral deňzi boýunça rezolýusiýanyň kabul edilmegi boýunça gurama tarapyndan berilýän goldawa öz minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu nukdaýnazardan,  Ahal welaýatynda täze şäheriň gurulmagynyň, döwlet binýadyny berkitmäge, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri göwrümli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysalydygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda, duşuşygyň guralmagyna minnetdarlyk bildirip, Ilçi UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi