Hronika

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BUÝRUGY

Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Buýruga gol çekdi.Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, türkmen hem-de özbek işewürler toparlarynyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge ýardam bermek hem-de «Işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasyndaky Ylalaşygyň...

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni  hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwaryndaky Permany bilen, Şalar Geldinazarow Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwaryndaky Permany bilen, Şalar Geldinazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Dowamy