Diplomatik wekilhanalaryň habarlary

Türkmenistanyň ilçisiniň Er-Riýadyň Sergiler merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew bilen Er-Riýad şäheriniň Sergiler merkeziniň ýolbaşçysy Salman Alataweniň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda ýokary derejede dowam edip gelýän gatnaşyklaryny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň ykdysady gazananlaryny hem-de medeni gymmatlyklaryny sergileriň üsti bilen görkezmek babatyndaky hyzmatda...

Dowamy
Türkmenistanyň ilçisiniň Päkistanyň daşary işler ministriniň w.w.ýe.ýe. bilen duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 31-njy awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow ýakynda wezipä bellenen Päkistanyň daşary işler ministriniň w.w.ýe.ýe Jalil Abbas Jilani bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda ilçi söhbetdeşini täze wezipä girişmegi bilen gutlady. Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki möhüm energiýa taslamalaryň amala aşyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Päkistan tarapy Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna we iki ýurduň arasyndaky gatna...

Dowamy
Brýusselde "Türkmenistanyň medeni hazynalary" atly çäre geçirildi

2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy «Diplomatic World» instituty bilen bilelikde "Türkmenistanyň medeni hazynalary" atly sergi gurnady. Bu çäre Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we Belgiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Çärä Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň wekilleri, şol sanda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Terri Hakala, Ýewropa Parlam...

Dowamy
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Gruziýadaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwilä ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin alyp barýan işlerinde gruzin tarapynyň ýardam bermäge taýýa...

Dowamy
Päkistanyň energetika, energiýa we nebit ministri bilen duşuşyk barada

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň energetika, energiýa we nebit federal ministriniň w.w.ýe.ýe. Muhammad Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ilçi ministri täze wezipä girişmegi bilen gutlady hem-de TAPI we TAP ýaly bilelikdäki möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşy barada söhbetdeşlik geçirdi. Ministr Päkistanyň ykdysadyýeti üçin tebigy gazyň ähmiýetlidigini...

Dowamy
Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Konsullyk patentini gowşurdy

2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly Muhammetnur Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň direktory Nurdan Erpulat Altyntaşa Konsullyk patentini gowşurdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanaga...

Dowamy
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Özbegistannyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Özbegistanyň Daşary işler ministri Ilçini wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde özbek tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.  Duşuşygyň d...

Dowamy