Minskde Türkmen-Belarus syýasy geňeşmeler geçirildi

2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Belarus Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Şestakow ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlaryny gurşap alýan meseleleriň giň toplumyny söwda-ykdysady, oba hojalyk, saglygy goraýyş, nebit-gaz, syýahat, bedenterbiýe we sport hem-de beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilim we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça tekliplere garalyp geçildi.

Hususan-da, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garalyp geçildi we bu ugurda degişli teklipler diňlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek babatda alnyp barylýan işleri täze derejelere çykarmak maksady bilen türkmen-belarus Hökümetara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly soraglara hem garalyp geçildi.