icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 noýabr 2018

1010

Ermenistan Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

2018-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wladimir Meružanowiç Badalýan bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, söwda-ykdysady, medeniýet, bilim hem-de sport ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada durup geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Ilçihananyň işine yzygiderli ünsi we goldawy üçin türkmen tarapyna sagbolsun aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Wladimir Badalýana Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde goşan goşandy üçin özüniň minnetdarlygyny bildirip, mundan beýläk hem işinde üstünlikler arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi