icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 dekabr 2016

1475

Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” atly XXI Halkara forumy açyldy

2016-njy ýylyň 7-nji dekabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” atly XXI  Halkara maslahaty we sergisi açyldy. Ony ýurdumyzyň “Türkmennebit”  döwlet konserni bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.

“Nebit we gaz-2016” sergisinde dünýä nebitgaz bazarynyň öňdebaryjy öndüriji kompaniýalary özleriniň gazananlaryny görkezýärler. Sergide dünýäniň 20 ýurdundan 70-den gowrak kompaniýalar öz diwarlyklaryny ýerleşdiripdirler. Serginiň türkmen bölegine “Türkmengaz” we “Türkmennebit”, “Türkmennebitgazgurluşyk” konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we birnäçe pudaklaýyn kärhanalar wekilçilik edýär.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde maslahat geçirilip, oňa nebitgaz pudagynyň, öndüriji zawodlaryň wekilleri, alymlar gatnaşar. Olaryň arasynda bar. Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan bolan işewür toparlaryň wekilleri hem-de seljerijiler dünýäniň, sebitiň hem-de türkmen nebitgaz toplumynyň ösüş aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Halkara sergisi bilen ugurdaş geçirilýän maslahatyň ilkinji gününde plenar we umumy mejlisler geçirildi. Onuň dowamynda dünýäniň, sebitiň we ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşi, nebitgazy gaýtadan işlemegiň we nebitgaz senagatyň geljekki ugurlary, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin niýetlenen döwrebap barlaglaryň netijeleri boýunça çykyşlar diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.

  “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” ХХI-nji halkara forumy öz işini dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi