icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 iýul 2019

591

Aşgabatda onlaýn-KHBS-de işlemegiň başarnyklary boýunça tälim okuwy geçirilýär

2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan onlaýn-KHBS-de işlemegiň başarnyklary boýunça tälim okuwy öz işine başlady.

Okuwa Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de metbugatyň wekilleri gatnaşýarlar. Russiýa Federasiýasyndan we Belarusdan gelen halkara bilermenler okuwa gatnaşyjylar bilen öz tejribelerini hem-de bilimlerini paýlaşarlar.

Okuw kursunyň açylyş dabarasynda çykyş eden ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy hanym Natalýa Drozd Türkmenistanda žurnalistikanyň we dürli görnüşdäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň kämilleşdirilmegi bilen sanly ulgamlara geçmek nukdaýzanaryndan bu okuwyň derwaýyslygyny hem-de ähmiýetini nygtap geçdi. Has takygy, bu okuw onlaýn-KHBS-de işlemegiň başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ýardam edýändir.

Okuw öz işini 2019-njy ýylyň 12-nji iýulynda tamamlar.   

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi