icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 ýanwar 2017

1074

Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Özbegistan Respublikasynyň Birinji Wise-premýeri, «Узбекистан темир йуллари» PJ-niň müdiriýetiniň başlygy j-p Açilbaý Ramatowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Duşuşygyň çäginde taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikirler alyşdylar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini bellediler, geljekde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça tekliplerini beýan etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň ugry boýunça pikirler alşyldy. Taraplar sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara guramalarynyň çägindäki özara gatnaşyklary ösdürmekde ygrarlylygyny bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary geljekde kämilleşdirmek we giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti bellendi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi