icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 ýanwar 2017

1010

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

2017-nji ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisi geçirildi. Toparyň täjik bölegine Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Usmonali Usmonzade ýolbaşçylyk etdi. 

Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny gurşap alýan meseleler girizildi.

Taraplar toparyň 2015-nji ýylyň 28-29-njy aprelinde Duşenbede geçirilen altynjy mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy boýunça hem pikirleri alyşdylar we iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň oňyn depginini belläp geçdiler.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika pudaklary, senagat we elektroenergetika, oba we suw hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary görkezildi. Ulag-aragatnaşyk ulgamyna aýratyn üns berildi.

Ýedinji mejlisiň dowamynda Türkmen we täjik ministrlikleriniň, edaralarynyň we kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi