icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 ýanwar 2017

1013

Müsür Arap Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Baş direktory wezipesine geçiriljek saýlawlarda Afrika sebitinden dalaşgär, Müsür Arap Respublikasynyň wekili, «Zenanlar daşary syýasatda» toparynyň ýolbaşçysy, Müsüriň ozalky maşgala we ilat ministri hanym Muşira Hattabyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikirileri alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşandygyna şaýatlyk edýän taryhy-arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak ulgamynda özara hereket etmekligi belläp geçdiler, şeýle-de  türkmen halkynyň özboluşly taryhy we medeni mirasyny gorap saklamagyň we giňden wagyz etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol sanda taraplar häzirki wagtda Türkmenistanyň diňe bir taryhy-medeni gymmatlyklaryny däl-de, eýsem gaýtalanmajak tebigy baýlyklaryny ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawwyna girizmek boýunça işjeň hereketleri dowam etdirýändigi hem bellenilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi