icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 noýabr 2019

684

Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň Konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meseleleriň, Türkmenistanyň raýatlarynyň Gruziýadaky hukuk ýagdaýy, Gruziýanyň raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýy, Gruziýada okaýan türkmen talyplarynyň we beýleki meseleleri jikme-jik maslahatlaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda, taraplar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullygy we Gruziýanyň migrasiýa häkimiýetleriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeler türkmen-gruzin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly we işjeň ýagdaýda geçdi. Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň soňunda Türkmenistan bilen Gruziýanyň  arasyndaky konsullyk geňeşmeleriň Teswirnamasyna gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi