icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 noýabr 2019

605

Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly açyldy

2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylara iki ýurduň medeniýet ministrleriniň orunbasarlary gutlag sözi bilen ýüzlenip, şu wakanyň ähmiýetini bellemek bilen, ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň köptaraply hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, Ýerewanyň Döwlet horunyň konserti boldy. Olaryň çykyşynyň maksatnamasyna ermeni we dünýä genji-hazynasynyň nusgawy saz eserleri girdi.

Günüň birinji ýarymynda Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen bolan duşuşykda, esasan, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi barada gürrüň edildi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ermenistanyň milli galereýasynyň sergisi, Döwlet çeperçilik akademiýasynda bolsa Terýan medeni merkeziniň hünärmenleri bilen duşuşyk, şeýle hem ermeni režissýorlarynyň kinofilmleriniň görkezilişi bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi